razylyk

razylyk
[ra:zy:lyk]
1) Bir zada razy bolmaklyk, bir pikire goşulmaklyk, makul görüjilik ylalaşyk.
∙ Ol barada uçilişçäniň direksiýasyndan razylyk aldy. (H. Ysmaýylow, Powestler)
∙ Aşyr, dymmak-razylyk alamaty diýip düşündi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Men oňa razylygym bilen gelýänimi beýan edeýin. («Görogly» eposy)
2) Göwni hoşluk, minnetdarlyk.
∙ Oňat edipsiň! -- diýip, ondan razylygyny bildirýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem razylyk - razylygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужен реферат?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»